çöwşi

çöwşi
Gara öýi ýel ýykmazlyk üçin üstaşyp atanaklaýyn geçirilip, ikiýan ýüzünde gazyga daňylýan ýüp.
∙ Aýna gaýdyp gelende, howsala düşen Nurjahan öýüne çöwşi etmek bilen meşguldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Ýekelli ejesi öýlerine çöwşi etmäge ýetişmedi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp (ü) ýazylýar.
Meselem çöwşi - çöwşüde, çöwşüler, çöwşüsi.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужна курсовая?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»